Köp berilýän soraglar

Wiza ýa-da kabul kepilligini berýärsiňizmi?

Ýok we muny aýdýan hiç kime ynanma. Karary resmi edaralar berýär; hiç kim kepillik berip bilmez. Biziň işimiz, arzanyň dogry resminama bilen, dogry wagtda we kemçiliksiz tabşyrylmagyny üpjün etmek. Bagty däl, taýýarlygy dolandyrýarys.

Töleg nähili işleýär?

Ilkinji söhbetdeşlikde ýagdaýyňy diňlänimizden soň anyk bir töleg aýdýarys we bu töleg tapgyryň dowamynda üýtgemeýär. Resmi tölegler (uniwersitet, ýaşaýyş rugsady we ş.m.) aýratyndyr we olary hem başda madde-madde görkezýäris.

Türkmenistandakam tapgyry başladyp bilýärinmi?

Hawa. Tapgyryň uly bölegi sen entek Türkmenistandakaň ýöreýär: söhbetdeşlik, meýilnama, resminama taýýarlygy we arzalar uzakdan edilýär. Resminama we terjime işlerinde Türkmenistandaky hyzmatdaşymyz Takyk Terjime goldaw berýär.

Tapgyr näçe wagt dowam edýär?

Maksada we döwre görä üýtgeýär: uniwersitet ýazylyşyklary belli senenamalara bagly, ýaşaýyş rugsady tapgyrlary arza köplügine görä üýtgeýär. Ilkinji söhbetdeşlikde seniň ýagdaýyňa ýörite hakyky senenama düzýäris; bolmajak senäni aýtmaýarys.

Haýsy şäherler we uniwersitetler bilen işleýärsiňiz?

Belli uniwersitetleriň satuw wekili däldiris; seniň býujetiňe, hünäriňe we maksadyňa görä mümkinçilikleri tarapsyz deňeşdirýäris. Karar hemişe sende galýar.

Ilkinji ädim bir habar ýaly ýakyn

Ýagdaýyňy gürrüň ber, mümkinçilikleriňi bile anyklaly. Ilkinji söhbetdeşlik seni hiç zada borçlandyrmaýar.

WhatsApp arkaly ýaz